icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 aprel 2023

2348

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasy bilen baglanyşykly birnäçe halkara düzümler, hususan-da, Guramanyň Ýaşulular Geňeşi, Guramanyň Parlament Assambleýasy, Türki söwda-senagat edarasy, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan 2022-nji ýylyň noýabrynda Samarkantda we şu ýylyň martynda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitleriniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi