icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 aprel 2023

2573

Belgiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mişel Pitermans (oturýan ýeri Baku ş.) bilen duşuşdy.

Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurmaklygyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipede alyp barjak işlerine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar halkara guramalarynyň ugry boýunça kesgitlenen özara gatnaşyklaryň mehanizminiň çäginde halkara meýdançalarynda ýurtlaryň başlangyçlaryny we tekliplerini özara goldamak barada ylalaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, gaýtadan dikeldilýän energetika ugry we port işleri babatynda hyzmatdaşlyk üçin teklipler öňe sürüldi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi