icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

18 aprel 2023

2314

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna iş sapary barada

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň halkara iri çärelere gatnaşmak hem-de halkara guramalarda duşuşyklary geçirmek üçin Ženewa sapary başlandy.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyna (SPEСA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan forumda çykyş etmek bilen, SPEСA-ny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şunuň bilen bilelikde, SPEСA-nyň sekretariatyny döretmek arkaly Maksatnamany institusional taýdan güýçlendirmek baradaky 2019-njy ýylda Türkmenistanyň öňe süren teklibiniň  ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem türkmen tarapy SPEСA-nyň taslama-maksatnamalaýyn işini amala aşyrmak üçin zerur bolan täze maliýe çeşmeleriň emele getirilmegi babatynda çykyş etdi. Şu nukdaýnazardan, SPEСA-nyň Köphyzmatdaşlyk ulag gaznasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň teklibi goldanyldy. Şeýle hem türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň 25 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasyny taýýarlamaklygy öňe sürdi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi