2023-nji ýylyň 18-nji we 19-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisiniň işine gatnaşdy.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler Ministri ýurdumyzyň bu ugurdaky giňmöçberli we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen işini bellemek bilen, ýurdumyzyň sanly we “ýaşyl tehnologiýalar” ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşyjylara atmosferadaky zyňyndy gazlaryň, hususan-da, metanyň azaldylmagy babatynda Türkmenistanyň amala aşyrýan anyk ädimleri, şeýle hem wodorod energetikasyny ilerletmek boýunça ýurdumyzyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi barada habar berildi.
Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň tutuş sebiti üçin sanly özgertmeleri we “ýaşyl tehnologiýalary” ulanmak babatynda üstünlikli mysal hökmünde Türkmenistanda gurlan akylly şäher - Arkadag şäheri bolup biler. Şäherde “akylly şäher” konsepsiýasynyň hem-de daşky gurşawa ähli tapgyrlarda – gurluşyk materiallarynyň önümçiliginden desgalaryň ulanylyş tapgyryna çenli zyýanlylygyň “nol” derejesini üpjün etmek çemeleşmäniň ulanylandygy bellendi.