icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

20 aprel 2023

1637

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça mejlis geçirildi

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde döredilen bilelikdäki ýolbaşçy toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygynyň ösüşini kesgitleýän hem-de orta we uzakmöhletleýin maksatnamalardyr meýilnamalara esaslanýan möhüm resminamalaryň biri bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde howpsuzlygy üpjün etmek, ekologiýa we daşky gurşaw meseleleri, azyk howpsuzlygy, sanlylaşdyrma we maglumatlary dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş meselelere we beýlekilere seredildi hem-de seljerildi.

Şeýle hem, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça çykyşlary bilen halkara guramalaryň wekilleri hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklarynyň wekilleri çykyş etdiler. Meýletin milli syn boýunça özara pikir alyşmalar boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi