icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 aprel 2023

1687

Türkmenistanyň Ilçisi Wengriýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Budapeşt şäheriniň “Sandor” Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň adyndan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Ilçiden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gyzgyn we hoşniýetli salam sözlerini, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi