26 aprel 2023
4826
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sungat wekilleriniň işjeň gatnaşýan çäreleriniň ähmiýeti hem bellendi.
Söhbetdeşler Awstriýanyň sungat günleriniň, konsertleriň we beýleki bilelikdäki çäreleriň mundan beýläk hem geçirilmeginiň möhümdigi barada umumy pikiri beýan etdiler.
Başga habarlar
13
Aug
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12
Aug
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
12
Aug
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
12
Aug
BMG bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy
12
Aug
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek