icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

26 aprel 2023

2197

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Sian şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, taraplaryň nygtamagyna görä, bu gün hemmetaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär.

Diplomatlar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriň üstünde durup geçdiler. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Hytaýyň iri halkara guramalarda hem özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň esasyny düzýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bar bolan örän uly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Hytaý toparynyň we onuň ýöriteleşdirilen kiçi toparçalarynyň ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orna eýe bolup durýandygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi