Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary şu ýyl biziň ýurdumyzyň bu Komissiýa goşulmagynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek üçin birnäçe bilelikdäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi.
Diplomatlar duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler Ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň şu ýylyň aprel aýynda Ženewada geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ministrler duşuşygyna, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň 70-nji mejlisiniň işine gatnaşmagyny, saparyň dowamynda geçirilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri möhüm çäreler hökmünde bellediler. Şu nukdaýnazardan, ulag, energetika, statistika, “ýaşyl” ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly köp sanly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylan gepleşikleriň wajyp netijeleri nygtaldy.
Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy milli we has giň derejelerde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ugur hasaplaýandygyny bellemek bilen, söhbetdeşler Türkmen döwletiniň BMG-niň çäklerinde ulag diplomatiýasyny ösdürmekdäki esasy orny barada umumy pikiri beýan etdiler. Ýurdumyz multimodal gatnawlar we intermodallyk baradaky garaýyşlary goldaýar we ösdürýär, muňa bolsa, birnäçe halkara başlangyçlaryň öňe sürülmegi we olaryň milli derejede yzygiderli durmuşa geçirilmegi şaýatlyk edýär. Iş ýüzünde bu başlangyçlar milli we sebit derejesinde bar bolan desgalaryň durkuny täzelemek hem-de täze ulag infrastrukturasyny gurmak ýaly taslamalarda öz beýanyny tapýar we amala aşyrylýar.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar şäher gurluşygy we “akylly” şäherleriň ösüşi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň mysalynda Türkmenistanyň oňyn tejribesi bellenildi. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramak hem-de "ýaşyl" tehnologiýalar bilen bagly meseleler has möhüm bolup durýan. Ekologiýa meselesini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatyndaky ylalaşyk-hukuk binýadynyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ugry boýunça mundan beýläk hem berkidilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
Taraplar ýol howpsuzlygy, ekologiýa syýasaty, şeýle hem söwdany ýeňilleşdirmek we "ýeke penjire" ýörelgelerini ulanmak boýunça synlary taýýarlamak ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bütündünýä Söwda Guramasyna girmek boýunça amala aşyrýan işleriniň nukdaýnazaryndan hem bu meselä ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde garalýandygy bellenildi.