2017-nji ýylyň 29-30-njy awgustynda Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili Aşgabatda resmi sapar bilen boldy.
30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi. Gruziýanyň Premýer-ministri bilen salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň netijelerine kanagatlanma bildirdi.
Mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip myhman, türkmen Liderine Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwiliniň ýürekden salamyny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary boýunça anyk pikir alyşmalar boldy. Hyzmatdaşlygyň işjeň ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlary görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan halkara ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegi babatdaky başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany we onuň myhmany däp bolan ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda, ylym-bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki çäreleri geçirmegiň hem-de bu ugurda tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Giorgi Kwirikaşwili özara bähbitli türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljekde-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Aşgabatda bolmaklygyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili Türkmenistanyň Mejlisine baryp gördi we parlamentiň ýolbaşçysy A. Nurberdiýewa bilen duşuşdy.
Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Mejlisiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň bar bolan kuwwatlyklary we mümkinçilikleri dogrusyndaky pikir alyşmalaryň çäklerinde däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny nygtaldy.
Soňra gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy Gypjaga tarap ugrady we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap onuň aramgähine gül dessesini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.
Günüň ikinji ýarymynda Gruziýanyň Premýer-ministri sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.
Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem baryp gördi.