2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Durnukly ösüşiň wezipeleri boýunça ylmy-metodiki merkeziň açylyş dabarasy boldy. Merkezi açmak we institutyň täze düzümini kesgitlemek boýunça degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň barşynda Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B. Zahyrow, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew, BMG-niň çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň (ÝUNISEF) ýolbaşçysy hanym Şahin Nilofer we Türkmenistanyň strategiki meýilleşdiriş we ykdysady ösüş institutynyň direktory M. Ataýew gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Türkmenistan 2015-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda bolup geçen BMG-niň bütindünýä sammitiniň netijesinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Türkmenistan BMG-niň agza-döwletleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatnamalarynyň ähli 17 bentlerini we olardan gelip çykýan 148 sany wezipäni, şeýle-de olary durmuşa geçirmekde 193 görkezililerini resmi taýdan kabul eden döwlet bolup çykyş edýär. Ylmy-usulýet merkezi raýatlarymyza, şol sanda talyplarymyza Durnukly ösüş maksatnamalaryny we olaryň wezipeleriniň ugrunda bilim bermäge ýardam eder.