2017-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-minitriniň orunbasary - Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Eduardowiç Prihodkonyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere uly üns berip, şeýle hem döwletara gatnaşygyny dürli derejelerde giňeltmek zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çarçuwada taraplar ýokary derejede geçirilýän saparlaryň möhüm ornuny bellediler we gazanylan ylalaşyklary ulgamlaýyn esasda ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny tekrarladylar.
Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegi hakyndaky pikir alyşmaklyga kanagatlanmasyny bildirdiler we geljekde ähli derejelerde we wagtly-wagtynda duşuşyklary geçirmegiň gerekdigini nygtadylar.