icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

22 maý 2023

2339

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy

Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Byaşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Parlamentiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwili bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda duşuşyklary guramak tejribesini dowam etdirmegiň ähmiýeti beýan edildi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentlerinde Parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýandigi bellenildi.

Türkmen diplomaty Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara topary we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler ýaly bar bolan gurallaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl gol çekilen 2023-2024-nji ýyllar üçin iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Maksatnama netijeli özara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi