Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Stiwen Konlon bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda britan diplomaty öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň öňa diplomatik işinde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Nygtalşy ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanyp, ösdürilýär. Şu nukdaýnazardan, türkmen diplomatynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 6-njy maýynda Londonda Patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmagy döwletara gatnaşyklarynda möhüm waka boldy.
Şeýle hem türkmen tarapynyň bellemegine laýyklykda, Türkmenistan parlament diplomatiýasyna hem uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine we berkidilmegine üns bermeklik teklip edildi.
Halkara we sebit syýasatynyň meseleleri babatynda iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeş ýa-da gabat gelýändigi bellenildi.