2017-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Ýörite wekili, Emiriň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Nasser Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabahyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşigiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda bar bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, ony mundan beýläk hem dürli derejelerde giňeltmek zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaý nazardan taraplar ýokary derejede geçirilýän saparlaryň möhüm ähmiýetini belläp, gazanylýan ylalaşyklary ulgamlaýyn esasda ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny tekrarladylar.
Geçirilen gepleşikleriň dowamynda, taraplar Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada kanagatlanma bildirip, geljekde hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda uly işleriň alnyp baryljakdygyny nygtadylar.