icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

02 iýun 2023

2344

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýändigini hem-de ÝHHG-niň çäklerinde bu ugurda tagallalaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen hanym Helga Şmidi tüýs ýürekden gutlady we degişli güwänamalary gowşurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ekologiýa babatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň anyk netijelere gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan taýýarlanylýan hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary esasynda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde syýasy we howpsuzlyk meselelerine möhüm orun degişlidir.

Ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň parlamentara gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändiginiň subutnamasy bolandygyna üns çekildi.

Halkara derejede energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň tutuş sebitiň abadançylygyna we rowaçlygyna gönüden-göni täsir edýändigini aýdyldy. Ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý döwlet bolmak bilen, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunda energiýa serişdelerini halkara bazara çykarmagyň, olary üstaşyr geçirmegiň syýasy, maliýe, tehnologiýa, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda beýleki ileri tutulýan ugurlarda, hususan-da, üstaşyr ulag ulgamynda, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ÝHHG-niň Baş sekretary hanym Helga Şmid ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi