icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 iýun 2023

2512

Türkmenistanda Moldowa Respublikasynyň Ilçisi işe başlady

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Diplomat Moldowa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşykda türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Waleriu Kiwer Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi