icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

08 iýun 2023

5729

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy.

Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär.

Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar.

Şu gün, 8-nji iýunda meýilleşdirilýän çäreleriň çäginde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşiginiň sergi önümleri görkeziljek "Ýewraziýa biziň öýümiz" atly sergisi açylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi