icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

28 iýun 2023

4789

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabatda bolýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Siszýun bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň çäginde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy seljerildi hem-de bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşyldy.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda geçirilýän yzygiderli duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösmegine aýratyn täsir edýändigi barada hem nygtaldy.

Taraplaryň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýangyç-energetika pudagy bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan, R.Meredow türkmen tarapynyň Hytaýa türkmen tebigy gaz üpjünçiligini artdyrmak bilen baglanyşykly täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işlerini dowam etmäge ygrarlydygyny nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi