icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 sentýabr 2017

1229

PRESS-RELIZ

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşi Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklary pugtalandyrmak babatdaky Olimpiýa bosgunlar toparlarynyň gymmat goşantlaryny sylaglamak barada” atly Türkmenistanyň we Braziliýanyň bilelikdäki beýannamasyny kabul etdi.

Bu resminama laýyklykda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň agza ýurtlary iri halkara sport çärelerde, şol sanda ilkinji gezek 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Rio 2016 Olimpiýa oýunlarynda, soňra bolsa 2017-nji ýylyň 04-13 awgusty aralygynda London şäherinde geçirilen Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda, we 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bosgunlarynyň we bosgun toparlaryň gatnaşmagyny makullaýarlar.

Bütin dünýade umydyň alamaty bolup, bosgun toparlarynyň sport çärelere gatnaşmagy häzirki wagt dünýäde bosgun krizisiniň möçberine halkara bileleşiginiň ünsini çeker we bu meseläni çözmegiň zerurlygy barada habarlalygy ýokarlandyrar diýip bu beýanamada bellenilýär. Bu resminamany goldaýan ýurtlar bosgun toparlarynyň sport çärelere gatnaşmagy diskriminasiýanyň ähli görnüşleriniň garşysyna göreşmek, şeýle hem parahatçylyga, durnukly ösüşe we adam hukuklara ýardam bermek boýunça serişdeler hökmünde makullaýarlar. Iki taraplaýyn hormat goýmagyň we dostlugy saklamaklygyň nyşany hökmünde Geňeşiň agza ýurtlary BMG-niň ähli döwletlerini bosgun toparlaryň iri halkara sport çärelerine gatnaşmak boýunça başlangaçlaryny goldamak, şol bir wagtda, şol başlangaçlary durmuşa geçirmek üçin kabul edýän ýurtlary hyjuwlylygyny sylaglamaga çagyrdylar.

Ýokarda görkezilen resminamanyň awtordaşy hökmünde Owganystan, Azerbaýjan, Argentina, Belarusiýa, Braziliýa, Hytaý, Çili, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Ekwador, Gonduras, Fransiýa, Gruziýa, Ýaponiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Marokko, Panama, Peru, Rumyniýa, Sudan, Günorta Koreýa, Siriýa, Täjigistan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ), Urugwaý, Özbegistan we BMG-nyň beýleki agza ýurtlarynyň birnäçesi çykyş etdiler.

Ýokarda görkezilen döwletleriň käbirleri ýakyn ýyllarda Olimpiýa oýunlaryny, şol sanda, Günorta Koreýa (2018-nji ýylda XXIII-nji Gyşky Olimpiýa oýunlaryny), Peru (2019-njy ýylda XVIII-nji Panamerikan Olimpiýa oýunlaryny), Ýaponiýa (2020-nji ýylda XXXII-nji Tomusky Olimpiýa oýunlaryny), Hytaý (2022-nji ýylda XXIV-nji Gyşky Olimpiýa oýunlaryny), Fransiýa (2024-nji ýylda XXXIII-nji Tomusky Olimpiýa oýunlaryny), ABŞ (2028-nji ýylda XXXIV-nji Tomusky Olimpiýa oýunlaryny) kabul edýändikleri barada bellenilýär.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy sessiýasy öz işini Ženewa şäherinde 2017-nji ýylyň 11-29 sentýabry aralygynda dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi