26 iýul 2023
7828
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda, wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler boljak duşuşygyň meýilnamasynyň taslamasyny, gün tertibini hem-de Sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu nukdaý nazardan, ministrler sebit hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Başga habarlar
17
Noý
Состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана с вице-председателем Парламентской ассамблеи ОБСЕ
17
Noý
В Исламабаде состоялось заседание Совместной туркмено-пакистанской межправительственной комиссии по экономическому сотрудничеству
17
Noý
Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
16
Noý
«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa geçirildi
16
Noý
Türkmenistanyň wekiliýeti Sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça ikinji ministrler duşuşygyna gatnaşdy
Ähli habarlary görmek