31 iýul 2023
7591
Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Komissiýasynyň başlygyna ynanç hatlaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýene ynanç hatlaryny gowşurdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklandy.
Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary netijeli ilerletmäge taýýarlygyny bildirdiler.
Başga habarlar
07
Noý
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
07
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
07
Noý
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
06
Noý
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
04
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň SEforALL halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşygy
Ähli habarlary görmek