2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan döwlet derejesinde saparlary guramagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit syýasatynyň iň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça R.Meredow we K.Kolonna şu resminamalara gol çekdiler:
Munuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde aşakdaky resminamalara gol çekildi:
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz tarapynyň çakylygy boýunça Parižde resmi saparda boldy.