icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

22 sentýabr 2023

5525

Türkmenistanyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulandygy barada

2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew çykyşynda Bütindünýä mirasynyň komitetiniň agzalaryna karar kabul etmekde goldawlary, şeýle hem bu hödürnamany taýýarlamakda beren ýardamlary üçin halkara we milli hünärmenlere hoşallyk bildirdi.

"Turanyň sowuk gyş çölleri" ekologiki we biologiki prosessleriň yzygider nusgasy bolmak bilen, daşky gurşawyň şertleriniň üýtgemeginde dürli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň uýgunlaşmagyny we ýaşamagyny kesgitlenýändigi bellendi. Bu desgalaryň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi global derejede ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlaryň we ösümlikleriň ähli görnüşlerini has gowy gorap saklamak üçin ýurtlaryň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge mümkinçilik berer.

Gözegçilik ulgamyny döretmek we yzygiderli maglumat alyşmak ýaly transmilli gurallar arkaly hödürlenen ýerleri dolandyrmak we gorap saklamak boýunça gatnaşýan döwletleriň ylalaşandyklary barada hem habar berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi