2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabeni kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hem-de ýurdumyzyň baş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, saýlap alan garaşsyz ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, iri ýapon kompaniýasynyň wekiliniň şu saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda senagatlaşdyrmaga hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ylma esaslanýan ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribelerini, öňdebaryjy kompaniýalaryň gazananlaryny ulanmaga, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.
Soňky ýyllarda dünýä belli ýapon kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk aýratyn ösüşe eýe boldy. Bu kompaniýalar ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler. «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu kompaniýa önümçilik toplumlarynyň gurluşygyny üstünlikli amala aşyrdy.
Duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.