2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda myhman Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, ähli türkmenistanlylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda «CLAAS» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmegiň we döredilen önümçilikli işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasynda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda, maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigi tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik hem-de uzak möhletlilik ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.