icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 oktýabr 2023

2715

Iň ýokary derejede geçirilen türkmen-türk gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar bukjasyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerinden soň aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy:

- Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan — Türkiýe söwda we senagat edarasynyň forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda audio-wideo önümlerini bilelikde öndürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;

- Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta kärhanalary ösdürmek we goldaw bermek baradaky guramasynyň arasynda Hereketleriň meýilnamasyna;

- Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki düzgünleşdiriş, standartlaşdyrmak, laýyklyga baha bermek, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;

- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet arhiw müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama;

- Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirliginiň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda ulag we maglumat tehnologiýalarynda ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak we ösümlikleriň karantini hakynda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024 — 2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hereketler meýilnamasyna;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda meteorologiýa babatda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi