2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabat şäherinde “Olimpiýa” myhmanhanasynda Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji mejlisini geçirdi.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah sözüni Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çarşenbe gününde geçiriljek Baş Assambleýasyna gatnaşýan geňeşiň agzalaryny gutlamak bilen başlady: “Meniň üçin şu ýerde Aziýanyň we Okeaniýanyň, Halkara Olimpiýa komitetiniň, Halkara federasiýalaryň, Aziýa federasiýalarynyň we sport jemgyýetiniň beýleki agzalarynyň arasynda bolmak uly hormatdyr. Men çäksiz myhmansöýerligi we şeýle uly goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti onuň alyhezretleri Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň hökümetine, Milli Olimpiýa komitetine we tutuş türkmen halkyna minnetdarlyk bildirýärin”.
Şeýh Ahmad Aziýanyň we Okeaniýanyň türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek özara bäsleşmek üçin jemlenendigini belläp geçdi.
Şeýh Ahmad şu oýunlara bosgunlar toparynyň hem gatnaşyp, ahyrky tapgyrlara ýetendigi hem-de üstünlikli çykyş edip, medal gazanandygyny uly buýsanç bilen belledi. Rio-de-Žaneýroda başlanan Halkara Olimpiýa komitetiniň bu hereketi dowam edip, geljekde raýdaşlygymyzy aňladýan däbe öwrüljekdigine umyt edýändigini aýan etdi.
Aziýanyň Olimpiýa komitetiniň Utgaşdyryjy komitetiniň başlygy jenap Tsunekazu Takeda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji geňeşi XVIII Aziýa oýunlarynyň 2018-nji ýylyň 18-nji awgustyndan 2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýada geçiriljekdigini we onda sportuň 40 görnüşinden hem-de 462 dissiplinadan ybarat bolan sport maksatnamasynyň düzülendigini aýtdy. XVIII Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-isinden 9 500 türgeniň we 5 500 topar wekiliniň gatnaşmagynda geçiriler.
Jakarta – Palembang 2018 hem-de Hanžou 2022 Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti alyp barýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Mejlisde Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidentiň hem-de Hemişelik komitetiniň hasabatlary hem-de Aziýanyň we Okeaniýanyň türgenleri üçin şeýle ajaýyp döwrebap desgalarda we arassa gurşawda geçýän Oýunlary taýýarlandyklaryna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylaryna gönükdirilen minnetdarlyk sözleri diňlenildi. Ýerine ýetiriji geňeşiň indiki mejlisi Şri Lankada geçiriler. Onuň geçiriljek senesiniň tassyklanmagyna garaşylýar.
2017-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisi geçirildi. AOG-niň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah assambleýada çykyş edip, şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda geçýän “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ajaýyp guralandygyny, Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň ýokary derejesini belledi. Aşgabatda Aziýanyň we Okeaniýanyň wekillerini ýygnan giň gerimli sport çäresiniň geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli erk-islegiň we hoşniýetli goňşuçylygyň alamaty boldy diýlip bellenildi.
Mejlise gatnaşan Aziýanyň we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri öz ýurtlarynda sporty wagyz etmek we ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň netijeleri barada habar berdiler. Şeýle hem mejlisde ýakyn ýyllarda dürli ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabaralary boldy.