Ozal ýurdumyzda kabul edilen Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin we Gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibininiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti olary durmuşa geçirmek boýunça, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşinde degişli resminamalary we rezolýusiýalary kabul etmek babatdaky işjeň hereketleri dowam edýär.
Ynsanperwer we adam hukuklary baradaky taglymlary öňe sürmek maksady bilen 2017-nji ýylyň 11-29-njy sentýabry aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan gymmat goşandyny höweslendirmek hakynda” Bileleikdäki Jarnamanyň döredijisi, “BMG-niň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibini amala aşyrmakda ähli zenanlaryň we gyzlaryň adam hukuklaryny doly durmuşa geçirmek we gender nukdaýnazarlar boýunça yzygiderli hasabaty ýöretmek”, şeýle hem “Adam hukuklary boýunça ulgamyndaky bütindünýä bilim maksatnamasy” atly BMG-niň rezolýusiýalarynyň awtordaşy hökmünde we Azerbaýjanyň başlangyjy bilen teklip edilen “Durnukly Ösüş Maksatnamasyna we adam hukuklaryna netijeli, açyk, hasabatly hökümet gullugy arkaly ýetmek hakyndaky” Bileleikdäki Jarnamany goldap çykyş etdi.
Türkmenstanyň adam hukuklaryny goramak ulgamyndaky eýeleýän işjeň orny halkara ynsanperwer hukugyndan çykýan turkmen tarapynyň öz borçnamalarynyň ýerine ýetirmek we berjaý etmek boýunça degişli hereketleri amala aşyrmagyň aýdyň subutnamasydyr.