2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli geçirilýän bu döredijilik çäresi ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň täze ösüşe badalga alan strategiki hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgamynyň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Döredijilik çäresiniň dabaraly açylyşy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne medeniýet ulgamynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, paýtagtymyzyň ýaşlary, doganlyk halkyň sungatynyň köpsanly muşdaklary gelipdir.
Iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary çärä gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenip çykyş etdiler.
Aşgabatdaky çykyşlaryň maksatnamasy “Öýümizde myhmançylykda” diýlip atlandyrylýar, bu bolsa dünýäniň dürli halklarynyň tanslaryndan düzülen köp öwüşginli çykyşlary beýan edýär. Igor Moiseýew adyndaky Döwlet akademiki halk tans toparyna Russiýanyň medeniýetini görkezmek hukugy berildi.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda “Demirgazyk Russiýanyň tebigaty” diýen fotosergi açyldy. Fotosuratlarda Ak deňziň giňişlikleriniň belent gözelligi ilkibaşky demirgazyk görnüşleri, tebigy derýalar we köller, agaçdan binagärligiň täsin ýadygärlikleri, demirgazykda mesgen tutan haýwanat dünýäsiniň wekilleri görkezilýär.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň baý medeni mirasy hem-de medeniýet we sungat ulgamyndaky gazananlary barada gürrüň berýän sergiler ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň ähmiýetli düzüm bölegi bolan amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň nusgalaryny Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi görkezdiler. Sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň işleri bar.
3-nji oktýabrda medeni çäräniň çäklerinde “Aşgabat” kinomerkezinde Russiýanyň häzirki zaman çeper filmleriniň görkezilişi bolar. Türkmen döwlet medeniýet institutynda Aşgabadyň horeografiýa mekdebiniň okuwçylary hem-de tans toparlary üçin Igor Moiseýewiň toparynyň artistleriniň ussatlyk sapaklary geçiriler. Agşam bolsa Mukamlar köşgüniň sahnasynda rus tansçylary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna ýene-de öz sungatyny sowgat ederler.
Russiýadan bolan myhmanlar üçin taýýarlanan medeni maksatnama Aşgabadyň gözel ýerleri hem-de muzeýleriniň täsin gymmatlyklary, “Köne Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasy bilen tanyşlyk girýär.