2017-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Tbilisi şäherinde täze «Tbilisi Sea Plaza» söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde «Tbilisi Sea Plaza» söwda merkeziniň esasy girelgesinde ýerleşen täze, döwrebap «Türkmenistan» söwda dükany hem dabaraly ýagdaýda açyldy. «Türkmenistan» söwda dükanynda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň, şol sanda dokma senagatynyň harytlarynyň, haly we haly önümleriniň, milli sowgatlyklaryň dürli görnüşleri müşderilere hödürlenilýär.
Dabaraly çärä Gruziýanyň Premýer-ministri G.Kwirikaşwili, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we Hökümetiň beýleki agzalary, daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, söwda wekilleri Tbilisi şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
«Tbilisi Sea Plaza» söwda merkeziniň açylyş dabarasynda resmi adamlar gutlag sözleri bilen çykyş edip, dabara gelen adamlary söwda merkeziniň açylmagy bilen gutladylar we «Türkmenistan» söwda dükanynyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň özara dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine uly goşant goşjakdygyny bellediler.