2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Moşe Kamhi bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä geçmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek işinde oňa ählitaraplaýyn ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Soňra syýasat, ykdysadyýet we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özaragatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlarynyň hatarynda halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-iniň çäginde hyzmatdaşlyk meseleleri bellenildi. Gepleşikleriň dowamynda geljekde daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gepleşikleri giňeltmegiň zerurlygy bellenildi.