icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

16 maý 2024

1372

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýe Respublikasynyň milli toparynyň başlygy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiň geçirilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýe Respublikasynyň milli toparynyň başlygy Ojal Oguzyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýurtlaryň arasynda TÜRKSOÝ-yň we ÝUNESKO-nyň çäklerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy, hususan-da umumy hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna we beýleki maksatnamalaryna hödürlenmegi bilen bagly ugurlardaky gatnaşyklary nygtadylar.

Bellenilşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy beýik türkmen nusgawy şahyrynyň we akyldarynyň döredijiliginiň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we onuň dünýä medeni mirasynyň emele gelmegine edýän täsiri nukdaýnazaryndan ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi