2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Ženewadaky Milletler Köşgünde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda boljak Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII maslahatyna (RECCA VII) bagyşlanan toparlaýyn maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine RECCA-nyň meýilnamalaryna we taslamalaryna gatnaşýan ýurtlaryň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň we Halkara söwda merkezi hem-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Bu maslahata alyp baryjy bolup Owganystan Yslam Respublikasynyň BMG-niň Ženewadaky bölümindäki we beýleki halkara guramalaryndaky hemişelik wekili hanym Suraýa Dalil çykyş etdi. Ýygnagyň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili, Pakistan Yslam Respublikasynyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky we beýleki halkara guramalaryndaky hemişelik wekili Faryh Amil, Owganystan Yslam Respublikasynyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Mohammad Kurban Hakjo, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Andreý Wasilýew, Halkara söwda merkeziniň döwlet meýilnamalary bölüminiň başlygy Aşiş Şah çykyş etdiler.
Ilkinji bolup maslahatda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky hemişelik wekili çykyş edip, Türkmenistan bilen Owganystanyň RECCA we “Stambul prosesi” çäklerinde edýän oňyn hyzmatdalygyny belläp, onuň sebitde ykdysady hyzmatdaşlygynda, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamakda ýerine ýetirýän wezipesiniň ulydygyny aýtdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky hemişelik wekili energetikada, ulag ulgamynda we söwdada uly döwletara ykdysady taslamalaryň diňe bir Owganysatanyň ösüşine täsir etmän eýsem bütin sebit ýurtlaryna hem oňyn täsirini ýetirýär.
Maslahatyň barşynda gatnaşyjylar geljekki Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII maslahatynyň wajyplygyny bellediler, şeýle-hem RECCA-nyň çarçuwasynda onuň bäş sany esasy ugurlary-energetika, ulag ulgamy, söwda we üstaşyr geçelgelere ýardam bermek, aragatnaşyk, işewürlik üçin iş we zähmeti goldamak ugrunda durmuşa geçirilýän geljegi bar bolan taslamalar barada pikir alyşdylar.