icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 noýabr 2017

1662

Türkmenistanyň Mejlisi kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesini kabul etdi

2017-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.

Deputatlar “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky”, “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakyndaky” Kanunlarynyň, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Mundan başga-da, maslahatda “Halkara raýat awiasiýasy hakyndaky Konwensiýanyň 50 “a” we 56-njy maddalarynyň üýtgetmelerine degişli Teswirnamalaryna goşulmak hakynda”, “Halkara howa gatnawlarynyň käbir düzgünlerini bir nusga getirmeklige niýetlenilen Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa hem-de oňa degişli 1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu möhüm hukuk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen okgunly ösdürilmegi boýunça öňde goýlan ägirt uly wezipeleriniň çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi