2017-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde
bu ýokary okuw mekdebiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirdi.
Dabaraly çärä Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ermenistanda akreditirlenen diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary – Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem ýurduň ylmy intelegensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen döwletiniň baştutanynyň jöwher galamyndan çykan we giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen täze iş – “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, taryhy tejribä esaslanýan, parahatsöýüjilik we goňşuçylyk däplerini, türkmen halkynyň ruhy mirasyny hormatlaýan Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň konsepsiýasyny, onuň sebit we ählumumy integrasiýa we ösüşe ymtylmasyny görkezýändigi bellenilip geçildi. Kitapda öňe sürülýän baş pikir Bitarap Türkmenistanyň özüniň taryhy ýoluny açyp görkezýän halkara giňişligindäki başlangyçly we döredijilikli posiziýasyny düşündirýär. Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady, diplomatik, ylmy we medeni gatnaşyklaryň ösmeginde uly
orun tutan Beýik Ýüpek ýolunyň köpugurly seljerilmegi, geosyýasy taýdan
bähbitli amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň häzirki zaman integrasiýa proseslerindäki ornuny delillendirýär.
Milletiň Lideriniň bu kitabynda türkmeniň beýik taryhyny arşa göterýän hekaýalaryň toplanandygyna maslahata gatnaşyjylaryň ünsi çekildi. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny açyp görkezýän rowaýatlar we wakalar, häzirki döwrüň nukdaýnazary bilen geçmişe baha bermäge mümkinçilik döredýär. Kitapda Türkmenistanda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we dünýä logistika ulgamynyň saldamly ösmegine öz täsirini ýetirýän döwrebap taslamalaryň irki döwürdäki nusgalary barada gürrüň berilýär.
Dabaranyň dowamynda Türkmen Lideriniň üç dilde neşir edilen täze kitabynyň Beýik Ýüpek ýoly fenomeniniň ruhy we taryhy-medeni esasyny düşündirmekdäki örän möhüm orny bellenildi.