2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energiýa, ulag we infrastruktura ugurlaryndaky halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe dabaralar geçirildi.
Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Birnäçe wagtdan bu ýere Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund geldi. Asylly däbe görä, owgan myhmanyna duz-çörek hödür edildi.
Soňra «Islim-Çeşme» serhet nokadynda gurnalan mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahundyň duşuşygy geçirildi.
Oňyn ýagdaýda geçen gepleşiklerden soňra taraplar Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň demir ýol köprüsiniň açylyş, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen «Serhetabat-Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek we Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek dabaralaryna gatnaşdylar.
Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary şu günki wakalaryň hatarynda boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara ýüzlendi.
Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýandygyny bellemek möhümdir.
Şu günki çäreler Türkmenistanyň häzirki zaman energetika howpsuzlygynyň arhitekturasyny hem-de sebitleýin we halkara ykdysady ösüş üçin durnukly ulag ulgamyny ösdürmäge ygrarlydygynyň nobatdaky tassyklamasy boldy.