icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

17 oktýabr 2024

1754

Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Gyrgyz Respublikasynyň alymlarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.

Institutyň baş binasynyň eýwanynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni mirasynyň sergisi guraldy. Sergide neşir önümleri, milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý eksponatlary görkezildi. Suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň işleri çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu ýerde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler ynsanperwer ulgamyň hemişe döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň halklaryny birleşdirýän medeni-ruhy mirasyň we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ulgamda netijeli özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, täze neşiriň çapdan çykmagy dostlukly ýurduň edebi durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň duşuşygynyň barşynda belent mertebeli myhmanyň Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat berendigini bellemek zerur.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň eserleri täze röwüşde ýaňlanýar we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha meşhurlyga eýe bolýar. Akyldar şahyryň goşgulary Watana söýginiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, raýdaşlygyň, dürli medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň çagyryşy bolup çykyş edýär.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze neşiriň üsti bilen gyrgyz dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryna ynam bildirdiler. Munuň özi okyjylara XVIII asyryň görnükli gündogar şahyrynyň döredijiligine has gowy düşünmäge we baha bermäge ýardam berer.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi