2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika Ministri Abbas Aliabadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary döwlet derejesindäki ynanyşykly gatnaşyklaryň konstruktiw türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy faktory bolup durýandygy bellendi.
Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy baý tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, geografiki taýdan amatly ýerleşen. Munuň özi daşary ykdysady ugurda, şol sanda elektroenergetika, nebitgaz, ulag-üstaşyr pudaklarynda özara gatnaşyklar üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine garadylar.
Şunuň bilen baglylykda, serişde we ykdysady mümkinçilikleri amatly durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy bellendi. Anyk netijeleri nazarlaýan türkmen-eýran özara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge gönükdirilen Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.