2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Ýesper Waryň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine garadylar. Türkmenistan bilen Daniýa Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi.
Diplomatlar BMG-niň çäklerinde we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.