2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmed Ahundiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag we logistika ulgamlaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisiniň yzygiderli esasda geçirilmegini aýratyn nygtadylar. Taraplar sebitleýin ulag gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar we onuň geljekki ösüşi üçin birnäçe teklipleri orta adylar.
Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçilikleri köptaraplaýyn pikir alyşmalaryň esasy temasy boldy. Taraplaryň özara gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda, şol sanda iki ýurduň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň, hem-de işewürler toparlarynyň arasynda ähmiýetli özara bähbitli tejribe toplandyklary bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmekde özara gyzyklanma bildirdiler.