2017-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Belarus döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Çäre Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we bu ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylar düzüminiň guramaçylykly ýardam bermeginde geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasy Belarus Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekillerini, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini, Minskidäki ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryny we alymlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, Belarusyň paýtagtynda bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplary özünde jemledi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny şöhlelendirmekde we Türkmenistanyň sebitiň döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary berkitmekde Döwlet Baştutanynyň tagallalarynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Dabara gatnaşyjylar Türkmen Lideriniň täze kitabynyň ähmiýeti Beýik Ýüpek ýolunyň ruhy we taryhy-medeni düzümleriniň täsinligini düşündirmekde we türkmen halkynyň däp-dessurlary we adat-ýörelgeleri bilen ýaş nesli tanyşdyrmakda özboluşly ugur görkeziji bolup durýandygyny belläp geçdiler.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda türkmen talyplarynyň çykyşlary boldy, türkmen halk we estrada aýdymlary ýaňlandy. Mundan başga-da, dabara gatnaşyjylara Türkmenistan barada wideo film görkezildi.