Baş sahypa / Habarlar
img
21 noýabr 2017
3188

Pärižde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi

2017-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Pärižde Ýewropanyň we Daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa bölüminiň direktory       h-m Florans Manjan we Ýewropanyň we Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary j-p Moris Gurdo-Montan bilen wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Nobatdaky syýasy geňeşmeleri 2018-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda öňdebaryjy fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işi bilen bagly meselelere garaldy.  

Şeýle hem saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Fransuz Halkara gatnaşyklary institutynyň Prezidenti j-p Týerri de Monbrial bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda Institutyň we onuň türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri barada gürrüň edildi.