icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 noýabr 2017

839

Bilim ulgamynda Türkmen-Saud hyzmatdaşlygy ýygjamlaşýar

2017-nji ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň rektory Doktor Abdullah Al Salmanyyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Saud–Türkmen gatnaşyklary” atly “tegelek stoluň” başyndaky mejlislere gatnaşdy. Şeýle hem myhmanlar institutyň Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, okuw studiýasy we Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen içgin tanyşdylar.

 Bu sapar hormatly Prezidentimiziň  2016-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygynda resmi saparynyň barşynda agzalan institutlaryň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Saudly wekiliýetiň saparynyň maksady ýaş diplomatlary taýýarlaýan institutlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan we ikitaraplaýyn maksatnamany iş ýüzünde amala aşyrmakda özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Onuň barşynda «Saud–Türkmen ikitaraplaýyn gatnaşyklary», «Ykdysady hyzmatdaşlyk (energetika, söwda we maýa goýum)», «Ylym we medeni hyzmatdaşlyk» atly üç sany mejlis geçirilip, olarda diplomatik gulluk üçin hünärmenleri taýýarlaýan saudly diplomatlar öz türkmen kärdeşleri bilen saud-türkmen gatnaşyklarynyň ugurlary barada özara pikir alyşdylar.

Ýörite taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäginde myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine  baryp gördüler, Türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň biri bolan «Köwata» ýerasty kölüne gezelenç etdiler. Bu gezelençler Saud Arabystany Patyşalygyndan gelen wekiliýet agzalary üçin örän täsirli bolup, myhmanlarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy. Saparyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Okuw studiýasynda myhmanlaryň gatnaşmagynda türkmen-saud gatnaşyklaryna bagyşlanan telegepleşik ýazgy edildi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi