2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Dabaraly çärä Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Milli kitaphanasynyň ýolbaşçysy, Bişkek şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Bişkek şäherinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Gyrgyz Respublikasynda işleýän we bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet uniwersitetiniň rektory T.Abdyrahmanow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Birinji syýasy departamentiniň direktory K.Tursunkulow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ilçisi M.I. Mesbah, Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi Sýao Sinhua, Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi A.Bozžigitow, Türkmen diasporasynyň Gyrgyzystandaky wekili B/Tüýliýewa, Ýelsin adyndaky Gyrgyz-Rus Slowýan uniwersitetiniň prorektory W.Lelewkin, I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet uniwersitetiniň professory Kaana Aýdarkul we Migara Amerdinowa hem-de türkmen talyby R.Saparow dagylar çykyş etdiler.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler kitabyň many mazmuny we ähmiýeti, taryhda Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň arasynda köpri bolan Beýik ýüpek ýoly, bu ýoluň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň taryhy orny, häzirki wagtda dünýäniň aragatnaşyk giňişligini kämilleşdirmek üçin Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan iri taslamalary barada gürrüň berdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň milli kitaphanasyna, I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet uniwersitetiniň kitaphanasyna we Daşary işler ministrliginiň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby sowgat berildi. Soňra bolsa çärä gatnaşyjylara we myhmanalara türkmen milli tagamlary hödür edildi.