2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belgiýa Patyşalygynyň arasynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Belgiýa Patyşalygynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary j-p Aksel Kenes ýobaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Belgiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar halkara hyzmatdaşlygynyň, halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Global meselelerini diplomatik gepleşikleri arkaly çözmekde çemeleşmeleriň meňzeşligini belläp, j-p Kenes Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny belledi. Şunlukda, taraplar terrorçylyk, ekstremizm we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly halkara howplaryna garşy göreşde parahatçylykly başlangyçlary utgaşdyrmak boýunça teklipleri beýan etdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we batly ösüşe eýe bolýandygy barada aýdyp, taraplar iki ýurduň gatnaşyklaryny berkitmekde daşary işler ministrlikleriniň ähmiýetini bellediler we syýasy geňeşmelerini toplumlaýyn esasda geçirmekligi ylalaşdylar.
Hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini girizmek arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça tagallalary güýlendirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda taraplar energetika pudagyny bellediler. Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.