2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Dabara daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we diplomatlary, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň aspirantlary, doktorantlary, syýasatşynaslary, jemgyýetçilik guramalarynyň we türkmen diasporasynyň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şiri Şiriýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Lisze, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň professory, taryh ylymlarynyň doktory Ahatjon Hujaýew we Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň mugallymy, syýasy ylymlaryň kandidaty Zibo Zaripowa çykyş etdiler.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze eseriniň halkymyzyň taryhy ýoluna baha bermäge, onuň milli medeniýetiniň özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.
Çärä gatnaşanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby sowgat berildi. Dabaranyň ahyrynda gelen myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.