2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Wenada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky resmi wekilleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň dowamynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barda Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi bitarap Türkmenistanyň global parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara giňişligindäki ýokary abraýy barada şaýatlyk edýär. Kararnama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kabul edildi we Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 2015-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatynda beýan edildi.
Soňra mejlise gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy esasynda kabul edilen «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň orny» atly BMG-niň BA-niň Kararnamasy barada maglumat berildi. BMG-niň BA-niň 72-nji sessiýasynyň 55-nji plenar mejlisinde bu Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem 57 sany döwletiň bu kararnamanyň hemaýatkärleri bolmagy, Türkmenistanyň parahatçylyksöýüji syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi bolup durýar.
Şunlukda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň 2007-nji ýylda Aşgabatda açylmagy, sebitde emele gelýän ähli meseleleriň parahatçylykly çözülmegine, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýändigi barada aýdyldy. Sebitiň ähli ýurtlarynyň goldamagynda bu Merkeziniň açylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmekde dünýä jemgyýetçiliginiň ugrunyň umumylygyny ýene-de bir gezek tassyklady.