26 noýabr 2025
3137
Türkmenistanyň we Angola Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Angola Respublikasynyň Daşary işler ministri Tete Antoniunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň, şol sanda taraplaryň başlangyçlaryna özara goldaw bermegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Söhbetdeşligiň esasy mowzuklarynyň hatarynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boldy.
Başga habarlar
24
Oct
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
24
Oct
Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Ähli habarlary görmek