2017-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen ÝHHG-niň agza döwletleriniň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-de häzirki wagtda başlyklyk edýän Awstriýanyň Daşary işler ministri S.Kurtsyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Geňeşiniň işine guramanyň 57 agza hem-de 11 hyzmatdaş ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ÝHHG agza döwletlerindäki howpsuzlyk meseleleri, ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak, radikalizme, ekstremizme we transmilli howplara garşy göreşmek, daşky gurşaw, gender deňligi, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek we beýleki meseleler ara alnyp masalahatlaşyldy.
Özüniň çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy guramanyň ähli ugurlaryna degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň pozisiýasyny we garaýşyny beýan etdi. ÝHHG agza ýurtlarynyň çäginde howpsuzlygy üpjin etmek üçin esasy elementiň taraplaryň birek-birege bolan ynamyny ýokarlandyrmak, dürli halklaryň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerur bolup durýandygy bellendi. Munuň bilen bagly türkmen tarapy ÝHHG-de dialogy we ynamy ýokarlandyrmak boýunça edýän tagallalaryny goldaýandygyny belledi.
Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlykda esasy ugurlaryň biriniň energetika howpsuzlygy bolup durýandygyny aýtdy. Halkara ulag infrastrukturasyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň ÝHHG agza ýurtlary bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk etmekligi goldaýandygy aýratyn bellenildi. Mundan başga-da türkmen tarapynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde egologiýa görkezildi we mundan beýläk hem Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etmeklige umyt bildirildi.
Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň netijesi boýunça konsensus esasynda howpsuzlyk we durnuklylyk meseleleri boýunça ÝHHG-niň strategiýasyny kesgitleýän birnäçe degişli çözgütler kabul edildi.